Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alym buzluklaryň eremegi sebäpli köp şäherleriň gark boljakdygyny aýtdy

16:3421.02.2025
0
22975
Alym buzluklaryň eremegi sebäpli köp şäherleriň gark boljakdygyny aýtdy
Surat: rbc.ru

2100-nji ýyla çenli dünýäniň köp şäherleri buzluklaryň eremegi bilen baglylykda, suwuň astyna gidip biler diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Geografiýa institutynyň bölüm müdiri Andreý Glazowskiý ýurduň neşirleriniň biri bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Bu barada «rbc.ru» ýazýar.

Hünärmeniň sözlerine görä, 1880-nji ýyldan bäri Dünýä ummanynyň derejesi 20-24 santimetr ýokarlandy. Soňky döwürde bu ýagdaý has-da çaltlandy, häzir onuň derejesi ýylda 3,4-3,7 santimetr ýokarlanýar. Şunda suwuň derejesiniň ýokarlanmagynyň ýarysy daglardaky, Arktikadaky, Antarktidadaky we Grenlandiýadaky buzluklaryň eremeginiň, galan bölegi deňziň suwunyň gyzmagy netijesinde onuň möçberiniň artmagynyň hasabynadyr.

Netijede, Maýami, Nýu-Ýork (ABŞ), Şanhaý (Hytaý), Mumbai (Hindistan), Wenesiýa (Italiýa), Dakka (Bangladeş), Jakarta (Indoneziýa) gark bolmak howp salýar.

Şeýle hem Täze Orlean (ABŞ), Hoşimin (Wýetnam), Bangkok (Tailand), Ýangon (Mýanma), Basra (Yrak), Abadan (Eýran), Dýunkerk (Fransiýa), Gaaga we Amsterdam (Niderlandlar), Gamburg (Germaniýa), Gdansk (Polşa) şäherleri töwekgelçilik zolagyna girýär. Bu şäherler doly ýa-da bölekleýin suwa gark bolup biler diýip, hünärmen sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň