Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly telekeçiler «Sawsana 2025» halkara oba hojalyk sergisine çagyrylýar

16:1221.02.2025
0
20163

Türkmenistanly işewürler Iordaniýada geçiriljek «Sawsana 2025» halkara oba hojalyk sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu sergi Iordaniýanyň oba hojalygy, weterinariýasy we azyk senagaty boýunça iň abraýly forumlaryň biridir, bu barada TSTB habar berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda berlen habara görä, sergi 2025-nji ýylyň 29-31-nji maýy aralygynda Iordaniýanyň oba hojalyk ministriniň howandarlygynda geçiriler.

«Sawsana 2025» oba hojalygy we weterinariýa ugrundaky iň täze tehnologiki üstünlikleri, önümleri, enjamlary we döwrebap usullary görkezmäge gönükdiriler.

Türkmen öndürijileri we telekeçileri bu sergide häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary boýunça tejribe alyşmaga, öňdebaryjy halkara tejribeler bilen tanyşmaga, Iordaniýa we beýleki ýurtlaryň hyzmatdaşlary bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, şeýle-de öz önümlerini halkara bazara hödürlemäge mümkinçilik alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň