Russiýa Federasiýasynyň Týumen sebitiniň Söwda-senagat palatasy sebitiň telekeçilerini 15 — 19-nji mart aralygynda Aşgabatda geçirjek «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2025) atly halkara foruma gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada sebitiň Maýa goýum syýasaty we telekeçilige döwlet goldawyny beriş departamentine salgylanyp, týumen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişine ýaly, bu halkara forum Týumen sebitiniň telekeçilerine Türkmenistanyň döwlet we hususy ulgamlarynyň wekilleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga özboluşly mümkinçilik döreder.
Ýeri gelende bellesek, bu foruma daşary ýurtlaryň we ýerli kompaniýalaryň wekilleri, halkara guramalaryň, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we beýleki ýokary derejeli hünärmenler gatnaşarlar.
Häzirki wagta çenli «IFT 2025» forumyna 21 döwletden 100-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy.
Forum we oňa gatnaşjaklar baradaky has giňişleýin maglumaty forumyň resmi web saýtyndan alyp bilersiňiz. Forumyň resmi saýtynyň salgysy: ift.com.tm