Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň salgysynyň üýtgedilendigini resmi taýdan hasaba aldy. Türkmenistanyň goranmak ministri general-leýtenant Begenç Gündogdyýewiň 2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda çykaran 27 belgili buýrugy esasynda Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň salgysy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolynyň 35-nji jaýyna geçirildi.
Mundan ozal harby mekdep Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolynyň 139-njy jaýynda ýerleşýärdi. Degişli üýtgetme Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň Tertipnamasyna girizildi.
Buýruk Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen ylalaşyldy hem-de 2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet tarapyndan hasaba alyndy.
Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmeklige Türkmenistanyň Goranmak ministriniň terbiýeçilik, işgärleriň we goşunlaryň taýýarlygy boýunça orunbasary jogapkär bellenildi.