Rim Papasy saglyk ýagdaýy sebäpli, tagtdan ýüz öwrüp biler, Kardinal Janfranko Rawazi şeýle pikiri «Corriere della Sera» gazeti bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Dindaryň sözlerine görä, bu babatda gutarnykly netijäni Rim Papasynyň özi kabul eder. «Papanyň umyda bagyşlanan ýubileý ýylyny geçiresi gelýär. Bu onuň üçin juda möhüm» diýen dindar bu ýyl Rim-katoliki ybadathananyň hristiançylygyň ýubileý ýylyny belleýändigini nygtady.
88 ýaşly Rim Papasy Fransisk 14-nji fewraldan bäri öýken çişmesi sebäpli hassahanada bejergi alýar. Barlaglar onuň saglyk ýagdaýynyň gowulaşýandygyny görkezdi diýlip, habarda bellenýär.