Günorta Afrika Respublikasynyň Limpopo ülkesinde 47 ýaşly erkek kişi krokodili ýenjendigi üçin kazyýete çekildi. Bu barada «SNL24» neşirine salgylanýan «Mail.ru» gürrüň berýär.
Jon Mulaudzi diýen kişini 2024-nji ýylyň ýanwarynda sosial ulgamlarda gatlanyň aşagyndan çykjak bolýan krokodili aýagy bilen depýän wideosy ýerleşdirilenden bäri gözleýärler. Polisiýanyň işgärleri wideoda ýitip ýok bolmak howpy abanýan Nil krokodiliniň şekillendirilendigini düşündirýärler. Galyberse-de, Nil krokodili gury ýerde adam üçin howp döretmeýär, şonuň üçin oňa ganymlyk etmek goranyş maksady hökmünde aklanyp bilinmez. Şonuň üçin süýreniji beýle gödek çemeleşmä mynasyp däldir.
Limpopo ülkesiniň polisiýasynyň wekili: «2024-nji ýylyň 14-nji fewralynda Mulaudzi 1962-nji ýylda kabul edilen haýwanlary goramak barada kanuny bozandygy üçin saklandy. Ol özüni aklamak üçin beýle kanundan bihabardygyny aýtdy. Emma kanun bilmezlik jogapkärçilikden azat etmeýär».