Russiýadaky Pişikleriň teatrynyň çeper ýolbaşçysy Ýuriý Kuklaçýow ýubileý çykyşlaryna özüniň 200 sany pişigi bilen gatnaşjakdygyny habar berdi. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.
Kuklaçow sahnada teatryň ähli pişikleriniň çykyş etjekdigini aýtdy. Ol adatça, özüniň çykyşlaryna 20-30 pişigi bilen gatnaşýandygyny belledi. Onuň ýurt boýunça çykyşlary 15-31-nji mart aralygynda geçer. Çykyşlar Kazan, Çeboksary,
Ýoşkar-Ola, Aşaky Nowgorod, Naberežnyýe Çelny we Sankt-Peterburg şäherlerinde guralar.