Hindistanyň Maharaştra ştatynda talyp ulag dyknyşyklary sebäpli, synagdan gijä galmazlyk üçin paraplanda uçup, ýokary okuw mekdebine bardy.
Bu barada «The Times Of India» neşirine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» gürrüň berýär. Ýagny ýerli telekeçilik mekdebiniň birinji ýyl talyby synagyň wagtynyň garaşylman durka, geçirilendigini bilýär, onuň synaga ýetişmek üçin bary-ýogy on minut wagty galypdyr. Synaga ýetişmek üçin talyp golaýdaky baýra münüp, ol ýerdäki paraplanlar boýunça hünärmeniň ýanyna barypdyr we ondan kömek sorapdyr. Hünärmen oňa kömek edipdir, netijede, ugurtapyjy talyp baranda, synag ýaňy başlanan ekeni.
Soň anyklansa, talyp hem işleýän, hem-de okaýan ekeni, şonuň üçin ol ikisine-de ýetişmek üçin şeýle täsin çykalgalary köp oýlanyp tapmaly bolupdyr.