Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ali Al Jarwan Dragon Oil bilen Türkmenistanyň arasyndaky ähtnama barada jikme-jiklikleri aýan etdi

16:4020.02.2025
0
19655

Dragon Oil kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Al Jarwan «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetine beren interwýusynda 2024-nji ýylyň ýanwarynda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen gol çekilen ähtnama barada jikme-jiklikler bilen paýlaşdy.

Bu resminama laýyklykda kompaniýa Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy blokda, Çeleken käniniň golaýynda ýerleşýän üç täze nebit känini özleşdirmek üçin tehniki we maliýe maýa goýumlaryny goýmagy meýilleşdirýär.

Geçirilen seýsmiki barlaglar bu ýerleri özleşdirmegiň geljeginiň bardygyny eýýäm tassyklady.

«Biz iki tarapa hem oňyn täsir etjek täze maýa goýumlary arkaly özümiziň bu ýerlerde alyp barýan işlerimiz bilen berkitmäge çalyşýarys» - diýip, Ali Al Jarwan belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, Dragon Oil kompaniýasynyň iş ulgamyny giňeltmek diňe bir Türkmenistanyň girdejilerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem kompaniýanyň ozal 2000-den gowrak adamyny işe alan ýurdumyzda goşmaça iş orunlaryny döretmäge hem ýardam eder.

Dragon Oil kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy Said Mohammed Al Taýer ähtnama gol çekilmeginiň kompaniýa bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda ýokary derejede ynamyň saklanýanlygynyň netijesinde mümkin bolandygyny nygtady. Bu duşuşyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçdi we onuň netijesi boýunça bu resminama gol çekildi.

Ähtnamanyň möhüm bölegi Türkmenistanyň nebit pudagyna häzirki zaman tehnologiýalaryň berilmegidir. Dragon Oil kompaniýasy önümçilik zynjyrynyň ähli düzümlerinde – gözleg işlerinden başlap türkmen energiýa çeşmeleriniň daşary ýurt bazarlarynda ýerleşdirilmegine çenli iş alyp barýar.

Kompaniýa öz işinde ekologiýa meselelerine, «ýaşyl» ykdysadyýete we zyňyndylary azaltmak meselelerine aýratyn üns berýär. Dragon Oil Türkmenistanda işlän döwrüniň dowamynda onuň önümçilik bazasynyň ýerleşýän Hazar sebitinde 400-den gowrak durmuş taslamalaryny amala aşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň