Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lawrow Afrikanyň ýedi ýurdunda Russiýanyň ilçihanalaryň açyljakdygyny habar berdi

12:1020.02.2025
0
10914
Lawrow Afrikanyň ýedi ýurdunda Russiýanyň ilçihanalaryň açyljakdygyny habar berdi
Surat: ria.ru

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow öňdäki iki ýylda Moskwanyň Afrikanyň ýedi ýurdunda ilçihanalary açmak meýli barada habar berdi.

«Afrikada eýýäm üç sany täze ilçihana açdyk, ýene ýedisini öňdäki iki ýylyň dowamynda açmak meýilleşdirilýär» diýip, ol ýurduň Döwlet Dumasynda «Hökümet sagadynyň» çäklerinde eden çykyşynda aýtdy.

Ministriň sözlerine görä, 2026-njy ýyla çenli Russiýanyň ilçihanalary Gambiýada, Liberiýada, Komorlarda, Nigerde, Sýerra-Leonada, Togoda we Günorta Sudanda açylar. Bu barada «RIA Nowosti» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň