Gyrgyzystanda maýa goýum möçberi 3 milliard amerikan dollary töweregi bolan Makmal-Karaköl demir ýoluny gurmagy meýilleşdirýärler. Bu barada ýurduň habar beriş serişdelerine salgylanýan «caliber.az» ýazýar.
Respublikanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli maýa goýumlar agentligi, «Kyrgyz demir žolu» milli kompaniýasy» döwlet kärhanasy hem-de «All American Rail Group Global Infrastructure Partner LLC» konsorsiumy bu ugurda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekdiler.
Milli maýa goýumlar agentliginiň direktory Talantbek Imanow munuň Gyrgyzystanyň demir ýol pudagynda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk çygrynda ilkinji taslamadygyny habar berdi. Imanow: «Maýa goýumlaryň umumy möçberi 3 milliard dollary düzýär, bu bolsa, öz nobatynda, diňe bir täze iş orunlaryny döretmek bilen çäklenmän, ulag ulgamyny gowulandyrmagy, uzak möhletleýin geljekde ykdysady bähbitliligi üpjün eder» diýdi.