Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýat Adalat bölüminiň edara binasynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy

11:4619.02.2025
0
10004

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Daşoguz welaýat Adalat bölüminiň edara binasynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu barada welaýat gazeti habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Daşoguz şäheriniň Adalat ýaşaýyş jaý toplumynyň golaýynda, binanyň gurluşygynyň başlanylmagy göz öňünde tutulan giň meýdançada guralan dabara welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, gurluşyk kärhanasynyň işçi-hünärmenleri gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen düýbi tutulýan bu ymarat hem welaýat merkezindäki binalaryň hataryny artdyryp, sazlaşykly ösýän şäheriň görküne görk goşar, adalat ulgamynda zähmet çekýän adamlar üçin oňaýly şertleri döreder.

Gurluşyk işleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 5-nji fewralynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda alnyp barylýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň