Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýaly är-aýal nikanyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordyny goýdy

17:0018.02.2025
0
13185
Braziliýaly är-aýal nikanyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordyny goýdy
Surat: gazeta.ru

Braziliýaly är-aýal Manuel Dino we Mariýa de Souza Dino nikanyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordyny goýdular diýip, UPI neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Olar bu ugurda Ginnesiň rekordlar kitabynda resmi bellige alyndy. Olaryň 84 ýyl 77 gün bäri dowam edip gelýän nikasy Keramatly Walentiniň güni «LongeviQuest» atly uzak ýaşlylary öwrenýän guramanyň ýardam bermeginde tassyklandy.

Manuel we Mariýa 1936-njy ýylda tanşypdyrlar, 1940-njy ýylda Braziliýanyň Seara ştatyndaky Boa Wentura diýen kiçijik buthanada nika baglaşypdyrlar. Olar 13 çagany terbiýeläp ýetişdirdiler, 55 agtygyň, 54 çowlugyň we 12 ýuwlugyň atasy we enesi boldular.

Olaryň wepaly söýgi taryhy tutuş dünýäniň adamlaryny ruhlandyrýar. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri şeýle uzak dowam eden nikanyň seýrek we aýratyn hormat goýulmaga mynasyp wakadygyny aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň