Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Tährandaky Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar

15:1718.02.2025
0
13260

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hoja­myrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin, Eýranyň Tähran şäherinde saparda bolýar.

«Isna.ir» habarlar gullugynyň habar berşi ýaly,17-nji fewralda H.Geldimyradow Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammed Reza Aref bilen duşuşdy.

Habarda bellenilişine görä, Mohammed Reza Aref iki ýurduň Hökümetleriniň özara söwda bilen bagly düzgünleri ýönekeýleşdirmäge we hususy pudagyň işjeňligini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Şeýle-de Eýranyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň tarapdarydygyny belläp, türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäginde gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn wagtda durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

«Iki ýurduň energetika, ulag-logistika hem-de Hazarýaka döwletleriň arasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikleri bar» diýip, Aref nygtady.

Duşuşykda wise-premýer Hoja­myrat Geldimyradow hem Türkmenistanyň Eýran bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çynlakaý çemeleşýändigini we Eýrana uzak möhletli ileri tutulýan hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň