Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Emaý»: kir ýuwujy maşynyňyz üçin ygtybarly gorag

14:5618.02.2025
0
17565

«Türkmen Berk–Metal» HK-nyň «Emaý» serişdesi kir ýuwujy maşyny gaty suwuň täsirinden goramaga kömek edýän täsirli önümdir. Gaty suwda kalsiý we magniý ýaly ýokary derejeli minerallar bolup, olar kir ýuwujy maşynyňyzyň ýyladyş elementlerine we beýleki böleklerinde üýşüp, hapalaryň emele gelmegine getirip biler. Bu gaty hapalar kir ýuwujy maşynyňyzyň işleýiş netijeliligini peseldýär, energiýa sarp edilişini ýokarlandyrýar we döwülmegine sebäp bolup bilýär.

«Emaý» suwy ýumşatmak bilen, hapalaryň döremeginiň öňüni alýar we kir ýuwujy maşynyňyzyň ulanyş möhletini uzaldýar. Şeýle hem ol ýuwuşyň hilini ýokarlandyrýar, ýuwulýan zatlaryň has ýumşak we eldemek üçin ýakymly bolmagyna ýardam edýär.

«Türkmen Berk–Metalyň» önümleri ýokary hilli we elýeterli bahasy bilen tapawutlanýar. «Emaý» hem bu önümlere degişli. Ol eýýäm Türkmenistanyň bölekleýin satuw torunda alyjylara ýetirilýär. Siz bu önümi giň tory bolan supermarketlerden hem-de golaýyňyzda ýerleşýän uly bolmadyk dükanlardan tapyp bilersiňiz. Mundan başga-da, «Emaý» meşhur internet dükanlarynda sargyt etmek üçin elýeterli bolup, munuň özi ony satyn almak üçin has amatly edýär.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 56-njy jaý;
  • telefon belgileri: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;
  • web saýty: turkmenberk-metal.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • elektron poçtasynyň salgysy: tberkmetal@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň