Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hat gatnadyjynyň boş iş orny üçin arzalary kabul edýändigini yglan etdi. Boş iş orny 30-45 ýaş aralygyndaky, ýokary bilimli we saglygy gowy bolan dalaşgärler üçin açykdyr.
Hat gatnadyjynyň boş iş ornuna bildirilýän talaplar: türkmen, rus we iňlis dillerini erkin bilmeli, şeýle hem esasy ofis programmalaryny (Word, Excel, Presentation we ş.m.) ulanmagy başarmaly.
Arzalar 2025-nji ýylyň 24-nji fewralyna çenli kabul edilýär. Arza bermek üçin iş tejribesi we bilimi barada maglumatlary görkezilen terjimehalyny Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ibermeli.
Goşmaça maglumat üçin 456152, 456153 telefon belgilerine ýa-da mailto:hoc.ashgabat@mea.gov.in / mailto:admn.ashgabat@mea.gov.in elektron poçta salgylary boýunça ýüz tutup bilersiňiz.