Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Rysgally Tarap Academy»: daşary ýurtda okamak üçin ynamdar hyzmatdaşyňyz

11:3918.02.2025
0
17911

Daşary ýurtda okap, ýokary derejede bilim almak isleýärsiňizmi? «Rysgally Tarap Academy» bu arzyly maksadyňyza ýetmegiň ýolunda ygtybarly ýardamçyňyza öwrüler. Akademiýanyň hünärmenler topary Türkiýe, Hytaý, Malaýziýa, Russiýa, Belarus hem-de Gazagystan ýaly ýurtlaryň abraýly uniwersitetlerine okuwa girmek isleýän dalaşgärlere giňişleýin, köptaraply ýardam berýärler.

«Rysgally Tarap Academy» okuwa girmek işini mümkin boldugyça amatly we täsirli etmek üçin döredilen hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär:

- özbaşdak maslahatlar. Size okuwa girmekde bildirilýän talaplar, resminamalary tabşyrmagyň möhletleri we dürli ýurtlarda okamagyň özboluşly aýratynlyklary barada möhüm maglumatlar berler.

- resminamalaryň doly toplumyny taýýarlamak. Resminamalary ýygnamak we resmileşdirmek — okuwa girmekde iň köp zähmet talap edýän tapgyrlaryň biridir. «Rysgally Tarap Academy» ähli görnüşleriň dogry doldurylmagyny we resminamalaryň saýlanyp alnan uniwersitetiň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmek bilen, bu ugurdaky ähli işleri öz üstüne alar.

- howa menzilinde garşy alynmagy guramak we ýolbeletlik. Täze ýurda barmak, nätanyş ýerler islendik adam üçin çylşyrymly bolup biler. Bu meselede akademiýanyň hünärmenleri sizi howa menzilinde garşy alyp, transfer, ýaşamak we täze şertlere uýgunlaşmakda kömek ederler.

- okuwa girmegiň ähli tapgyrlarynda goldaw bermek. Akademiýa ýüz tutan günüňizden başlap, tä uniwersitete kabul edilip okuwa başlamagyňyza çenli ýüze çykýan islendik meselä ýokary derejede goldaw we jogap alarsyňyz.

«Rysgally Tarap Academy» — bu täze gözýetimleri açyp, daşary ýurtda ýokary bilim almak üçin ajaýyp şertdir. Arzuwyňyzy hakykata öwürmek mümkinçiligini elden gidirmäň!

Hyzmatlar barada has anyk maglumatlary almak hem-de okuwa girmäge taýýarlanyp başlamak üçin (+993 61) 46 15 53 we (+993 65) 30 11 40 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Kämillik köçesi, 78-nji jaý;
  • elektron poçtasynyň salgysy: rygallyratap.vuz@mail.ru;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň