«Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasy «Gandaş uniform» haryt nyşany bilen ýöriteleşdirilen iş geýimleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär. Kärhana diňe bir rahatlygy we ulanmak üçin çydamlylygy bilen däl-de, eýsem dizaýny taýdan hem tapawutlanýan, tebigy esasly matalardan tikilýän ýokary hilli önümleri hödürleýär.
«Gandaş uniform» önümleri hünärmenleri özboluşly bezeýän birnäçe artykmaçlyga eýedir. Birinjiden, bu ýokary hilli: önümçilikde diňe tebigy we ýokary hilli matalar ulanylýar, olar bolsa geýimi geýeniňizde rahatlygy üpjün edýär. Ikinjiden, çydamly: munda ulanylýan furnituralar gaty berk we ygtybarly. Üçünjiden, önümleriň assortimentini giň: katalogda dürli hünär ugurlary üçin iş geýimleriniň 130-dan gowrak görnüşi görkezilýär. Dördünjiden, ölçegleriniň köp görnüşde bolmagy: 42-njiden — 78-nji ölçege çenli aralykdaky ölçegler islendik adam üçin eşik saýlamaga mümkinçilik berýär. Netijede bolsa, geýimleriň dizaýnynyň döwrebaplygy: kompaniýanyň geýim işläp düzüjileri we dizaýnerleri moda pudagynyň soňky tendensiýalaryna yzygiderli gözegçilik edip, ajaýyp we stilli geýim nusgalaryny döredýärler.
Müşderilere oňaýly bolmagy üçin Türkmenistanyň islendik ýerine eltip bermek hyzmaty ýerine ýetirilýär.
«Gandaş uniform» haryt nyşanynyň Türkmenistanyň iri şäherlerinde ýerleşýän öz dükanlarynyň salgylary:
Aşgabat:
• Magtymguly şaýoly, 124-nji jaý;
• «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D66 belgili dükan.
Balkanabat:
• Swoboda köçesi, «Hazar» söwda merkezi, 112-nji dükan.
Mary:
• A.Nyýazow köçesi, «Aýnur» söwda merkezi (Tiz kömek gullugynyň ýanynda).
Türkmenabat:
• Gagarin kiçi etrapçasy, Magtymguly şaýoly, 1/9 jaýy.
Daşoguz:
• «Rysgal» söwda merkezi, 3-nji gat, 313А belgili dükan.
Telefon belgileri: (+993 64) 003 002, (+993 61) 555 522. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.