Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň metbugat kätibi Abaý oblastyna ýolbaşçy bellendi

09:2218.02.2025
0
7814
Gazagystanyň metbugat kätibi Abaý oblastyna ýolbaşçy bellendi
Surat: vechastana.kz

Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat kätibi we geňeşçisi Berik Uali ýurduň Abaý oblastyna häkim bellendi. Bu barada degişli permana Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gol çekdi diýip, gazak döwlet Baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Sebitiň ýolbaşçysy wezipesinde Uali geçen annada Prezidentiň degişli Permany bilen işden aýrylan Nurlan Uranhaýewi çalyşdy.
48 ýaşly Uali 2019-njy ýylda Tokaýewiň metbugat kätibi wezipesine bellendi. 2022-nji ýylda ol «Habar» döwlet habarlar agentligine başlyklyga bellendi, emma ýarym ýyldan soňra öňki wezipesine dolandy hem-de döwlet Baştutanynyň geňeşçisi wezipesini hem alyp bardy.

Gazagystanyň Prezidentiniň geňeşçisi we metbugat kätibi wezipelerine Ruslan Želdibaý bellendi. Ol 36 ýaşynda, öň Prezidentiň içerki meseleler we kommunikasiýa boýunça geňeşçisi bolup işledi. 2023-nji ýylyň ýanwaryndan sentýabryna çenli metbugat kätibi we Prezidentiň diwanynyň başlygynyň orunbasary wezipelerini alyp bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň