Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçihanasy Duşenbede guralan bag ekmek çäresine gatnaşdy

11:5817.02.2025
0
8867

Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy 15-nji fewralda Duşenbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan bag ekmek bilen baglanyşykly diplomatik çärä gatnaşdy.

Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň ýolbaşçylygynda geçirilen bu çärä ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşenbe şäherini abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen geçirilen çäräniň çäklerinde 200 düýp agaç ekildi.

Mundan başga-da, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi çäräniň dowamynda ýurduň diplomatik infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen gurluşyk taslamalarynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi.

Tanyşdyrylyşda Duşenbede gurulýan Täjigistanyň DIM-iniň rezidensiýasynyň, DIM-niň garamagyndaky «Dipserwis» döwlet kärhanasynyň administratiw binasynyň, Täjigistanyň Özbegistandaky we Gazagystandaky täze ilçihanalarynyň, köp gatly ýaşaýyş toplumynyň, şeýle-de hytaý kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulmagy meýilleşdirilýän diplomatik wekilhanalaryň tehniki hyzmat merkeziniň gurluşygynyň barşy barada maglumat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň