«Arkadag» topary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň 2-nji tapgyrynda «Ahaly» 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk ýekşenbe güni Babarap geňeşligindäki sport toplumynda geçirildi.
«Arkadag» toparynyň düzüminde Güýçmyrat Annagulyýew (24), Didar Durdyýew (31) we Resul Hojaýew (50) tapawutlandy. «Ahalyň» gollaryna bolsa Daýanç Meredow (16) hem-de Ýakupmuhammet Gowşudow (90+3) awtorlyk etdi.
Tapgyryň beýleki oýunlarynda «Aşgabat» «Şagadam» bilen 1:1 hasabynda, «Nebitçi» bolsa «Merw» bilen 0:0 hasabynda deň oýnady.