Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy geçiriler

09:2717.02.2025
0
17034

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi dünýäniň dürli künjeginden telekeçileri, maýadarlary hem-de bilermenleri 2025-nji ýylyň 29-njy aprelinden 1-nji maýyna çenli Aşgabatda geçiriljek «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Sergi-ýarmarkanyň çäginde aşakdaky ugurlar boýunça önümler we hyzmatlar görkeziler:

- Azyk önümleri we oba hojalygy

- Harytlar we hyzmatlar

- Elektron söwda (E-commerce)

- Sarp ediş harytlary

- Senagat önümleri

- Hünär hyzmatlary

- Senetçilik önümleri

- Kreatiw senagatlar

Guramaçylar bu sergi-ýarmarkanyň gatnaşyjylara Türkmenistanyň döwlet we hususy pudagynyň wekilleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de Merkezi Aziýanyň iň çalt ösýän bazarlarynyň birine giriş mümkinçiligini açýandygyny belleýärler. Hususan-da, eksporta we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berjek iň täze tehnologiýalar we innowasion çözgütler hödürlener.

Sergi gatnaşyjylara öz önümlerini we hyzmatlaryny halkara jemgyýetçiligine hödürlemek bilen birlikde, işewür duşuşyklara gatnaşmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

«Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy tehnologiýa gazananlaryny görkezmek, geljegi uly taslamalary hödürlemek we innowasion pikirleri alyşmak üçin aýratyn bir meýdança bolup, Türkmenistanyň eksport kuwwatynyň ösmegine, logistika infrastrukturasynyň kämilleşmegine we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine uly goşant goşar.

Hasaba durmak, sergi meýdançasyny belli etmek we goşmaça maglumat almak üçin itse.turkmenexpo.com resmi web sahypasyna girip bilersiňiz ýa-da «Türkmen ekspo» topary bilen habarlaşyp bilersiňiz (www.turkmenexpo.com).

Habarlaşmak üçin:

  • Telefonlar: (+993 71) 87 18 14, (+993 63) 71 95 88;
  • Elektron poçta: contact@turkmenexpo.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň