Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BRIKS guramasynyň sammiti 6-7-nji iýulda Rio-de-Žaneýroda geçer

09:0617.02.2025
0
16186
BRIKS guramasynyň sammiti 6-7-nji iýulda Rio-de-Žaneýroda geçer
Surat: VK

Halkara BRIKS guramasynyň 2025-nji ýyldaky sammiti guramada başlyklyk ediji Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçer. Bu barada bileleşigiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.

Braziliýa 1-nji ýanwardan bäri guramada başlyklyk edýär.

Geçen 2024-nji ýylda bileleşige Russiýa başlyklyk etdi, onuň baş wakasy Kazan şäherinde 22-24-nji oktýabrda geçen sammit boldy. Kazan sammitinde hyzmatdaş-ýurtlar derejesini döretmek barada çözgüt kabul edildi. Ilkinji hyzmatdaşlar Belarussiýa, Boliwiýa, Gazagystan, Kuba, Malaýziýa, Tailand, Uganda we Özbegistan boldy. Öň hyzmatdaş diýlip yglan edilen Indoneziýa bileleşigiň doly hukukly agzalygyna saýlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň