Nýu-Deliniň demir ýol menzilinde dörän basgyda 18 adam gurban boldy, 11 adam şikes aldy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Halas edijileriň gürrüň bermegine görä, basgynyň sebäpleri belli däl, ýöne ilkibaşky habarlarda ýurduň Praýagarj şäherine iki otlynyň gatnawy ýatyrylandan soňra, menzilde ýolagçylar has köp ýygnanypdyr. Ady tutulan şäherde bu günler Kumbha Mela dini baýramyna zyýarat dowam edýär.
Haçanda menzile gelen otla münüşlik yglan edilende, dyknyşyk başlanypdyr. Wakanyň şaýady bolan Dharmendr Singh şeýle gürrüň berýär: «Men diýseň kän adamyň basgy döredendiklerini gözüm bilen gördüm. Menzilde görlüp-eşidilmefik adam ýygnanypdy».
Kumbha-Mela festiwaly Hindistanyň demirgazygynda 12 ýyldan bir gezek geçirilýär. Ýanwaryň ortalarynda başlanandan bäri oňa 110 million zyýaratçy bardy. 29-njy ýanwarda Praýagrajda zyýaratçylaryň köp gelmegi bilen baglylykda, 30-dan 40-a çenli adam pida boldy. 31-nji ýanwarda ol ýerde ikinji basgy döräp, ýedi adam gurban boldy, 10 adam ejir çekdi.