Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Bitaraplyk binasynyň we onuň ýanaşyk ýerleriniň durky täzeleniler

16:1316.02.2025
0
14793

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde geçiren iş maslahatynda Aşgabatdaky durky täzelenilýän Bitaraplyk binasy hem-de onuň hojalyk meseleleri boýunça hem pikir alşyldy. Bu barada TDH habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygynyň garamagyna Aşgabadyň günortasynda döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary, ekiljek baglaryň we yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri görkezildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaga gönükdirilen işler, gurulýan we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Görkezilýän şekil taslamalaryň hatarynda Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň we bu künjekde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň teklip edilýän görnüşleri, yşyklandyryş ulgamynyň sütünleri, şäheriň Bitarap Türkmenistan we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygynyň, şeýle hem Aşgabadyň günortasynda sil akabasynyň we seýilgäh zolagynyň teklip edilýän görnüşleri bar.

Gahryman Arkadag görkezilýän şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Binalaryň we desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda we onuň çäklerinde bag nahallarynyň oturdylmagynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň nazara alynmalydygyny belläp, Gahryman Arkadag bu babatda birnäçe ähmiýetli maslahatlaryny berdi.

Aýratyn-da, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda, olary döwrebaplaşdyrmakda täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylmalydygy aýdyldy.

Bitaraplyk binasynyň talabalaýyk döwrebaplaşdyrylmagyna, şunda BMG-niň baýdagynyň reňkiniň öz beýanyny tapmalydygyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigi bellenildi. Bu barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň gözel ýerinde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň töweregindäki desgalaryň gurluşygynyň we bezeg işleriniň bu mukaddes künjegiň derejesine laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ähli binalaryň bezeg işlerini, şeýle hem binanyň reňkleriniň Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine laýyk sazlaşygyny üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.

Şeýle hem Gahryman Arkadag Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň döwrebaplaşdyrylyşyna, onuň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşlerine, şeýle-de ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň durkunyň täzelenilmegine bagyşlanan şekil taslamalary synlady.

Halk Maslahatynyň Başlygy şekil taslamalary barada birnäçe maslahatlaryny berdi. Aýratyn-da, bu künjekde türkmen Bitaraplygynyň taryhyna degişli maglumatlaryň öz beýanyny tapmalydygy aýdyldy.

Gahryman Arkadag ugurdaş düzümleriň, şol sanda seýilgähiň döwrebaplaşdyrylmagyna, onda oturdyljak saýaly baglaryň görnüşleri boýunça degişli alymlar bilen geňeşmeleriň geçirilmegine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şeýle-de binanyň döwrebaplaşdyrylmagynda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň ulanylmalydygy, onuň reňk sazlaşygynda ýurduň bitaraplyk ýörelgeleriniň baş mazmunynyň we BMG-niň degişli nyşanlarynyň öz beýanyny tapmalydygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň