Şu hepde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Osaka şäherinde saparda boldy. Saparyň dowamynda «Expo-2025» Bütindünýä sergisiniň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsu we «Expo-2025-iň» protokol bölüminiň ýolbaşçysy Takeşi Hikihara bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa meýilleşdirilen sapary bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Tokiodaky diplomatik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Şeýle-de taraplar, «Expo-2025-iň» çäginde 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde geçiriljek Türkmenistanyň Milli gününde guraljak çäreler barada giňişleýin pikir alyşdylar.
Ýeri gelende bellesek, 2025-nji ýylyň 13-nji fewralyndaky maglumata görä, dünýä döwletleriniň 158-si hem-de halkara guramalaryň 7-si Osakada geçiriljek «Expo-2025» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdyklaryny mälim etdiler.
Bütindünýä sergisi 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli, jemi 184 gün dowam eder.