Türkiýede güýçli guraklyk sebäpli gadymy Pertek galasy suwuň ýüzünde peýda boldy. Suw şeýlebir çekildi welin, indi kölüň içindäki gala pyýada hem baryp bolýar diýip, «MIR 24» ýazýar.
«Biziň galamyzyň 2800 ýyl ýaşy bar. Galany synlap, ony urartulylar gurandyr diýip ynansa boljak. Bu ýerde köp siwilizasiýalar oturymlylaşypdyr. Biz bu ýer Pertek galasyna girilýän baş derweze bolandyr diýip çaklaýarys» diýip, Pertegiň häkimi Rekai Wural gürrüň berýär.
Indi arheologlar galanyň diwarlaryny öwrenmek mümkinçiligine eýe boldular.
Hünärmenler geçen ýyllarda bu sebitde 2 metre çenli gar ýagandygyny gürrüň berýärler, emma bu ýyl güýçli yssy we gurak howa bolup, suwuň derejesi pese gaçdy.