Çiliniň 24 ýaşly ýaşaýjysy läheňiň (kit) agzynyň içinde biraz wagt boldy, emma mähnet deňiz balygy ony ýuwdup bilmän, yzyna tüýkürdi.
Waka Punta-Arenas şäheriniň golaýynda boldy. Adrian Simankas atly ýigit Magellan aýlagynda ýel berilýän gaýykda ýüzýärdi. Birdenkä ol arkasynda güýçli urgy duýdy, munuň yzysüre özüniň äpet agyz boşlugyndadygyny we göwresini özüne dartýandygyny duýdy. Soňra ol yzyna – deňze batly zyňlyp gitdi.
Görlüp oturylsa, ony läheň barybir iýip biljek däl ekeni, sebäbi jandaryň aşgazanynyň diametri bary-ýogy 10 santimetr töweregi bolýar.
Çililiniň başdan geçiren bu howply pursatlaryny kakasy wideo düşüripdir. Bu barada «news.by» ýazýar.
«Men onuň içindekäm, läheň ýuwdan Pinokkio ýadyma düşdi» diýip, ýaş ýigit soňra gürrüň berdi.
Küýki läheňleriň uzynlygy 19 metre ýetip, agramy 48 tonnadyr. Olar adamlara seýrek hüjüm edýärler. Onuň kiçijik bokurdagy bolup, adamlary ýuwutmagy başarmaýar diýip, «rg.ru» ýazýar.