«Ak Gaýa» dükany otaglaryň keşbini döwrebap we owadan yşyklandyryjylar bilen üýtgetmegi arzuw edýänlere garaşýar. Dükanda islendik zerurlyk we interýer çözgütleri üçin yşyklandyryş enjamlarynyň köp sanly görnüşleri hödürlenýär.
«Ak Gaýada» müşderiler aşakdakylary satyn alyp bilerler:
- asma we potolok lýustralary;
- barokko, nusgawy, haý-tek, loft ýaly dürli stillerde bezelen interýerler üçin ykjam bralar;
- otaglary we öýüň töweregini bezemek üçin içinden gurnalýan, üstden berkidilýän hem-de asma çyralar;
- adaty bolmadyk şekilleriň we siluetleriň esasynda bezeg yşyklandyrylyşy, şol sanda çagalar üçin niýetlenen nusgalar;
- suratlar, hammamdaky we eýwandaky aýnalar, şeýle hem interýeriň dürli aýratynlyklaryny ýagtylyk bilen görkezmek üçin yşyklandyryjylar;
- häzirki zaman gurluşly spot çyralary we trek ulgamlary;
- stol çyralary, torşerler;
- ýagtylyk kompozisiýalaryny guramak, eýwanlardaky, ýatylýan otaglardaky, aşhanalardaky zolaklary yşyklandyrmak üçin LED çyralar we lentalar.
Ýatlatsak, «Ak Gaýada» abatlaýyş işleri hem-de öýüň durkuny täzelemek üçin ýokary hilli gurluşyk serişdelerinden başlap, döwrebap hojalyk tehnikalaryna we mebellere çenli ähli zerur zatlary saýlap we satyn alyp bilersiňiz. Dükanyň işgärleri size dogry harydy saýlamaga kömek ederler, eltip bermek gullugy bolsa sargydyňyzy görkezilen salga çalt we seresaplylyk bilen getirip berer.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew (Obýezdnaýa) köç., 40-njy jaý, «Ak Gaýa» binasy.
- telefonlar: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88;
- sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: