ABŞ-nyň Los-Anjeles okrugy güýçli ýangynlaryň yzysüre ýagan çabgalar sebäpli dörän sil joşgunlarydyr süýşgünler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu barada «New York Post» gazetine salgylanýan «caliber.az» ýazýar.
Golaýda giň möçberli ýangynlary başdan geçiren sebitde suwuň derejesi käbir ýerlerde 120 santimetrden hem geçýär. Şäheriň merkezini we Malibuny, San-Fernando jülgesini goşmak bilen, käbir etraplary sil basdy.
Los-Anjelesiň häkimi Karen Bas ýaşaýjylara aýratyn hem agşamlaryna güýçli ýagşyň, sil joşgunlarynyň we süýşgünleriň bolmak töwekgelçiligi barada duýdurdy. Ol raýatlary howa şertleriniň ýaramazlaşmagyna taýýarlyk görmäge çagyrdy.