Aşgabatda ýerleşýän «Altyn Çaýhana» restorany müşderilere göçme restoran hyzmatlaryny hödürleýär. Indi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary restoranyň hyzmatlaryndan diňe bir onuň özünde däl-de, eýsem, özleri üçin amatly bolan islendik ýerde peýdalanyp bilerler.
«Altyn Çaýhananyň» hünärmenler topary dürli çäreleridir baýramçylyk dabaralaryny, şol sanda hudaýolylary, sadakalary hem-de toý dabaralaryny guramak üçin dürli göçme hyzmatlaryň doly toplumyny ýetirýärler. Hyzmatlar çadyrlary gurnamagy, tejribeli hyzmatçylaryň hyzmatlaryny we elbetde, restoranyň aşpezleriniň datly naharlary taýýarlamak işlerini öz içine alýar. Şeýle hem goşmaça hyzmatsyz diňe nahalaryň özüni sargyt edip bolýar.
Restoranyň aşhanasy köpdürlüligi we tagamlarynyň ýokary ussatlykda taýýarlanylýandygy bilen meşhurdyr. Menýuda adaty türkmen naharlary bilen birlikde, türk we Ýewropa aşhanasynyň ajaýyp tagamlary bar.
«Altyn Çaýhananyň» hödürleýän bu hyzmaty müşderilere ähli guramaçylyk meselelerini tejribeli hünärmenlere ynanyp, myhmanlary arkaýyn garşy almaga hem-de olar bilen gepleşmäge giň mümkinçilik berer.
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Gurbansoltan eje köçesi, 168-nji jaý (Demir ýol menziliniň ýanyndaky awtobus duralgasynyň çäginde);
- telefon belgileri: (+993 12) 94 11 61, (+993 12) 94 11 71, (+993 65) 72 37 46, (+993 65) 72 35 47, (+993 65) 65 53 10;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň:
Fotoreportaž: Altyn Paradise Garden: siziň dynç almagyňyz üçin rahat ýer