«Ýönekeý» kompaniýasy 35 ýaşa çenli bolan Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaý Halk Respublikasynda ýokary bilim almak üçin aýratyn mümkinçilikleri hödürleýär. Kompaniýa Pekin, Şanhaý, Uhan, Taýbeý, Hanžou, Nannin, Kunmin we Dalýan ýaly Hytaýyň 25 şäheriniň uniwersitetlerine okuwa girmäge ýardam edýär.
Möhüm artykmaçlyk hökmünde hödürlenýän ähli ýokary okuw mekdepleriniň diplomlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan resmi taýdan ykrar edilýän uniwersitetleriň sanawyna girýändigini bellemek gerek.
«Ýönekeý» kompaniýasynyň hyzmatlarynyň toplumy şulary öz içine alýar:
- uniwersitetden çakylyk hatyny alyp bermek;
- okamaga isleg bildirilen şäheri saýlap almakda kömek bermek;
- Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň sanawyna girýän saýlanyp alnan uniwersitete okuwa girmäge ýardam etmek;
- bakalawriat we magistratura maksatnamalaryna kabul etmek;
- ilkinji gezek daşary ýurda çykýan talyplar üçin has möhüm bolan, Hytaýa baranda garşy almagy guramak.
Iňlis dilini «Intermediate» derejesinde bilýän talyplaryň birinji kursa gönümel kabul edilip bilinjekdigi bellenmelidir.
Okuwyň bahasy, taýýarlyk kurslary, bakalawriat, magistratura we aspirantura maksatnamalary barada jikme-jik maglumatlary almak isleýänler okuw.yonekey.com resmi sahypasyna girip, tanşyp bilerler. Portalda Hytaýyň ýokarda agzalan şäherleri we uniwersitetleri barada maglumat materiallary, Hytaýda bilim almagyň aýratynlyklary hakda jikme-jik düşündirişler berilýän webinaryň ýazgysy, şeýle hem ýüz tutmak üçin doldurmaly resminama elýeterlidir.
Saýtda hasaba alnandan soň, «Ýönekeý» kompaniýasynyň wekilleri jikme-jikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin her dalaşgär bilen gysga wagtyň içinde habarlaşmagy öz üstlerine alýarlar. Kompaniýa maksatnama boýunça orunlaryň çäklidigini nygtaýar we gyzyklanma bildirýän dalaşgärlere ýüz tutmagy soňa goýmazlygy maslahat berýär.