Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan harytlaryň bölek satuwlarynyň we onlaýn söwdasynyň halkara sergisine çagyryldy

10:3715.02.2025
0
25118

«Maýer Ekspo Aziýa» JÇJ kompaniýasy Türkmenistanyň telekeçilerine NON-FOOD ASIA EXPO 2025 (Söwda ulgamlary we onlaýn söwda platformalary üçin azyk däl harytlaryň halkara sergisi) ýaly giň gerimli halkara sergilerine gatnaşmagy teklip etdi. Guramaçylar türkmen öndürijileri üçin «Türkmenistanda öndürilen» milli pawilýonynda önümleri görkezmek mümkinçiligini öz içine alýan aýratyn şertleri taýýarladylar — diýip, TSTB-niň saýty habar berýär.

Halkara sergileri iki şäherde geçiriler: 2025-nji ýylyň maý aýynda Daşkendiň «Uzeksposentr» Milli sergi toplumynda, şol ýylyň noýabr aýynda bolsa Almatydaky «Atakent» Sergiler merkezinde bolar.

Çäreler Gazagystanyň döwlet edaralarynyň - Söwda we integrasiýa ministrliginiň, şeýle hem «Atameken» Telekeçileriň milli palatasynyň işjeň goldaw bermeginde guralýar.

Guramaçylar sebit söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde Türkmenistanyň strategik ähmiýetini nygtaýarlar.

«Biz Türkmenistanyň öndürijileri üçin täze geljegi uly bolan bazarlara elýeterliligi açýan aýratyn platformany döredýäris» - diýip, resmi çakylykda bellenilýär.

Sergileriň ekspozisiýasy himiýa önümlerini, kosmetikany, öý hojalyk harytlaryny, gaplama materiallary we başga köp harytlary öz içine alýan azyk däl önümleriň giň toplumyny öz içine alar.

Türkmenistandan gatnaşyjylar diňe bir öz harytlaryny halkara jemgyýetçiligine görkezmek bilen çäklenmän, eýsem tutuş Merkezi Aziýa sebitindäki hyzmatdaşlar bilen göni aragatnaşyk ýola goýmak mümkinçiligini alarlar.

Sergiler barada jikme-jik maglumatlary guramaçylaryň saýtyndan tanşyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň