Braziliýada Amazoniýanyň asyl oturymly ilatynyň üzňe ýaşaýan taýpasyndan bolan ýaş ýigit adamlar bilen aragatnaşyga çykdy diýip, «Associated Press» habarlar gullugy habar berdi.
Ýurduň indeýleriniň Milli gaznasynyň maglumatlaryna we şaýat bolanlaryň gürrüňine görä, waka Amazoniýanyň günorta-günbataryndaky Bela-Roza obasynyň töwereginde boldy.
Aýakgapsyz we bili daňyly ýigit elleri taýakly adamlara yşarat etdi. Bela-Roza obasynyň ýaşaýjylary ol ot gözleýän bolmaly diýip çak etdiler. Wideoda ýerli ýaşaýjylaryň biriniň oňa çakmakdaşy nädip ýakmagy öwredýändigi görünýär. Obanyň adamlary ýigidi balyk bilen hezzetlediler. Soňra Milli gaznanyň golaýdaky nokadyna eltdiler. Guramanyň maglumatlaryna görä, oňa zerur bolan kömegi berýärler.