Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Olaf Şols wezipesinden gidenden soňra syýasaty terk etmekçi

09:4215.02.2025
0
14286
Olaf Şols wezipesinden gidenden soňra syýasaty terk etmekçi
Surat: MIR 24

Olaf Şols GFR-iň Kansleri bolmagyny bes edenden soňra syýasaty terk etmekçidigini aýtdy, ol bu barada «Jung & Naiv» wideokastynyň ýaýlymynda çykyş edende habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar. Ol işden gidenden soňra ýene-de adaty raýat bolmakçydygyny nygtady.

Ýurduň Bundestagyna möhletinden öňki saýlawlar 23-nji fewrala bellendi, ony 2025-nji ýylyň güýzünde geçirmegi meýilleşdiripdiler.

Öň Şolsuň Kansleriň wezipesine dalaşgärlige saýlawlarda ýurduň Sosial-demokratik partiýasyndan hödürlenendigi belli boldy. Bu wezipä şeýle-de Hristian-demokratik partiýanyň başlygy Fridrih Mers, «Ýaşyllar» partiýasyndan Kansleriň orunbasary Robert Habek we ultra-çepçi «Germaniýa üçin alternatiwa» partiýasyndan Alisa Waýdel dalaşgärlik edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň