«Arkadag» Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň birinji tapgyrynda «Nebitçini» ýeňdi.
Babarap geňeşliginde geçirilen duşuşyk 4:1 hasabynda tamamlandy. «Arkadagyň» oýunçylaryndan Enwer Annaýew (3, 33) we Didar Durdyýew (49, 70) iki gezekden gol geçirdiler. «Nebitçi» toparyndan bolsa garşydaşynyň derwezesinden Myratdurdy Baýramow (30) gol geçirdi.
34 ýaşly goragçy Ahmet Ataýew «Arkadagyň» düzüminde kapitan hökmünde ilkinji duşuşygyny geçirdi, ol «akylly» şäheriň toparyna şu gyş goşuldy. Mundan öň Ataýew 5 ýyllap «Altyn Asyryň» düzüminde çykyş edip, toparyň kapitany bolupdy.
Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Ahal» kluby «Aşgabady» (2:1) ýeňdi, «Merw» bolsa «Şagadamdan» (2:1) üstün çykdy.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy aýlaw ulgamy boýunça geçirilýär, ýeňiji iň köp utuk toplan topara görä kesgitleniler.