Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň ýanwar aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurduň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde ilki bilen milli parlamentiň ýolbaşçysyna söz berildi. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurduň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle-de ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow kabul edilýän täze kanunlaryň ýurdy mundan beýläk-de ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga ýardam bermelidigini belledi.
Döwlet Baştutany ýurduň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek işini dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.
Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ýurduň daşary syýasaty, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, ýurduň daşary syýasaty bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Hökümet mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutany 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň bellenip geçiljekdigini aýtdy we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýändiklerini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, ýurduň diplomatik gullugynyň ähli işgärlerini hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.