Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-türk söwda dolanyşygy 2024-nji ýylda 2,1 milliard dollardan geçdi

19:1014.02.2025
0
26841

2024-nji ýylda Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,166 milliard amerikan dollaryna ýetdi diýip, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Ahmet Demirok metbugat konferensiýasynda mälim etdi.

«Türkiýe Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar. Söwda dolanyşygynyň häzirki derejesi hem ýokary, ýöne biz onuň has-da artmagyna mümkinçilik görýäris we bu görkezijini 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmek maksadymyz bar» diýip, diplomat belledi.

Ilçiniň aýtmagyna görä, türk kompaniýalary Türkmenistanda köp sanly iri infrastruktura taslamalaryny amala aşyrdylar. Olaryň hatarynda elektrik stansiýalary, awtomagistrallar, ýaşaýyş toplumlary, söwda merkezleri, bilim edaralary we beýleki desgalary görkezmek bolar. 2024-nji ýylda türk potratçylary umumy bahasy 216 million amerikan dollar bolan täze taslamalary ýerine ýetirmek hukugyny aldylar. Umuma alnanda, häzirki wagtda türk kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanda jemi bahasy 4 milliard amerikan dollara barabar bolan 25 taslama durmuşa geçirilýär.

A.Demirok türk kompaniýalarynyň «akylly» Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşmagyna umyt bildirdi. Şeýle-de, ol 2025-nji ýylda Türkiýede «Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň» geçiriljekdigini habar berdi. Bu çäre iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam berer.

«Biziň Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyz özara hormat goýmak esasynda ähli ugurlarda ösýär. Türk kompaniýalary özlerine ynanylan işleri ýokary hilli ýerine ýetirýärler we türkmen hyzmatdaşlary bilen tejribelerini paýlaşýarlar» diýip, ilçi nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň