Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn saparlaryň we geňeşmeleriň üsti bilen iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek barada ylalaşdylar.
Mundan başga-da, taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtadylar we ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň gatnaşmagynda, şol sanda BMG-niň meýdançasynda geçiriljek çäreleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns çekildi.