Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň attaşesi dutarda türkmen halk aýdymynyň sazyny çaldy

15:3114.02.2025
0
27346

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň attaşesi jenap Utaka özüniň dutarda saz çalmak başarnygyny görkezdi.

Ol meşhur türkmen halk sazy «Läläni» ýerine ýetirdi.

Ýaponiýanyň Aşagabatdaky diplomatik wekilhanasy özüniň sosial sahypasynda ýapon diplomatynyň ilkinji gezek dutar çalýan wideosyny ýerleşdirdi.

Türkmen halk sazy «Läle» gyzlaryň ýerine ýetirýän lälelerine ýanap çalmak üçin döredilen saz eseridir. Läleler, adatça, rubagy gönüşinde 7-8 bogundan ybarat dört setirli bentlerde düzülipdir. Bu sazyň hem edil läleler ýaly gadymy kökleri bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň