Hindi milliarderi Mukeş Ambaniniň maşgalasy «Bloomberg» habarlar agentliginiň düzen Aziýanyň iň baý maşgalalarynyň 20-liginiň başyny çekdi diýip, TASS habar berdi.
Sanawa Hindistandan, Tailanddan, Hytaýdan, Indoneziýadan, Malaýziýadan we beýleki ýurtlardan bolan baý maşgalalar girdiler. «Reliance Industries» senagat konglomeratynyň we 90,5 mlrd dollarlyk maliýe emlägiň eýesi bolan Ambanileriň neberesi sanawyň başynda ýerleşdi.
Ikinji orunda Tailanddan Çerawanontlaryň maşgalasy ýerleşdi, azyk harytlaryny öndürýän we bütin Aziýada telearagatnaşyk işewürligini alyp barýan «Charoen Pokphand» kompaniýalar toparynyň eýesi bolan bu maşgalanyň 42,6 mlrd dollar emlägi bar.
Indoneziýaly bankir Hartonolaryň maşgalasy sanawda üçünji orunda ýerleşdi, olaryň emlägi 42,2 mlrd dollardyr. Sanawa ýene alty sany hini milliarderleriniň maşgalalary girdi.