«Belawia» awiakompaniýasy Türkmenistanyň çäginde awiabilet satuwynyň gerimini giňeltdi. Indi ýurduň ýaşaýjylary diňe bir paýtagtda däl, eýsem, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň welaýatlardaky bölümlerinde hem belarus awiakompaniýasynyň uçar gatnawlaryna biletleri satyn alyp bilerler.
Satuw nokatlarynyň ählisinde ýolagçylara «Belawianyň» amala aşyrýan islendik uçuşyna biletleri bronlamak we satyn almak, göni we üstaşyr uçuşlar bilen syýahat etmek, uçuşyň senesine we ugurlaryna üýtgeşmeler girizmek ýaly hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçiligi döredildi.
Häzirki wagtda «Belawia» awiakompaniýasy Türkmenbaşy bilen Minskiň arasynda hepdede iki gezek yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Çarşenbe we şenbe günleri uçarlar Türkmenbaşydan, sişenbe we şenbe günleri bolsa Minskden uçýar. Aprel aýyndan uçuş tertibi üýtgediler: Türkmenbaşydan uçuşlar çarşenbe we ýekşenbe günleri, Minskden bolsa sişenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.
Şeýle hem ýörite nyrhlardan Türkmenbaşy – Minsk – Moskwa ugry boýunça biletleri satyn almak mümkinçiligi ýolagçylaryň ünsüni çekip biler.
Has giňişleýin maglumat almak we biletleri satyn almak üçin aşakdaky satuw ofislerine ýüz tutup bilersiňiz:
- Aşgabat, Garaşsyzlyk köç., 76 («Olimp» jaýy, 1-nji gat). Telefon 21 04 36;
- «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugy, Aşgabat, Oguzhan köç., 211;
- «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy Halkara howa menzili, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş., Awaza etraby, Aeroport şäherçesi. Telefon +993 243 30025;
- «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy Halkara howa menzili, Balkan welaýaty, Balkanabat ş., Awtomenzil, 1-nji gat. Telefon +993 222 70960;
- «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Daşoguz Halkara howa menzili, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Magtymguly şaýoly, 12-nji jaý;
- «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Mary Halkara howa menzili, Mary welaýaty, Mary ş., Magtymguly şaýoly, 11-nji jaý;
- «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Türkmenabat Halkara howa menzili, Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Bagtyýarlyk köçesi;
- Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Magtymguly Pyragy şaýoly, jaý 115A, awtomenzil;
- «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Kerki Halkara howa menzili, Lebap welaýaty, Kerki şäheri;
- Lebap welaýatynyň Darganata etraby.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- telefonlar: (+993 12) 21 04 36, (+993 65) 64 16 61;
- salgysy: Aşgabat, Garaşsyzlyk köç., 76;
- elektron poçta: nаbаt.аtаyеvа@tрstrаvеl.со.