Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan Indoneziýanyň Prezidentine «Togg» elektrik ulagyny sowgat berdi

12:5913.02.2025
0
13189
Ärdogan Indoneziýanyň Prezidentine «Togg» elektrik ulagyny sowgat berdi
Surat: Report.az

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Indoneziýa saparynyň çäklerinde bu ýurduň döwlet Baştutany Prabowo Subianto «Togg» türk elektrik ulagyny sowgat berdi.

Ärdogan Jakartadaky Bogor Prezident köşgünde indoneziýaly kärdeşi bilen duşuşdy hem-de oňa ýokary derejeli Hyzmatdaşlyk geňeşiniň birinji ýygnagyndan hem-de bilelikdäki metbugat duşuşygyndan soňra türk elektrik ulagyny sowgat berdi. Dabara Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Kaçyr we Prezidentiň diwanyndaky kommunikasiýalar boýunça edaranyň başlygy Fahretdin Altun gatnaşdylar.

Bu barada türk habar beriş serişdelerine salgylanýan «Report» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň