Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Britan uniwersiteti Türkmenistanyň ÝOM-lary bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär

11:5312.02.2025
0
13096
Britan uniwersiteti Türkmenistanyň ÝOM-lary bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär
Surat: iirmfa.edu.tm

Beýik Britaniýanyň «University of St Andrews» ýokary okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. 11-nji fewralynda geçirilen duşuşygyň maksady hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Dașary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbașçylary we mugallymlary gatnaşdylar. Bu barada TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşykda Beýik Britaniýanyň «University of St Andrews» atly 1413-nji ýylda döredilen ýokary okuw mekdebiniň «School of International Relations» fakultetiniň uly mugallymy, «Institute of Middle East, Central Asia and Caucasus Studies» bölüminiň direktory, doktor Matteo Fumagalli çykyş etdi. Doktor M.Fumagalli Beýik Britaniýadaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen aragatnaşygy ýola goýmaga gyzyklanmalarynyň bardygyny mäli etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi bilen gönümel hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklibi öňe sürüldi. Britan tarapy Türkmenistanyň wekillerini Șotlandiýada ýerleşýän «University of St Andrews» ýokary okuw mekdebine çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň