Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kolumbiýanyň Prezidenti ministrlerden işden gitmegi talap etdi

17:5911.02.2025
0
13728

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro ministrlerden hem-de departamentleriň başlyklaryndan işden gitmegi talap etdi. Bu barada TASS ýazýar.

«Men ministrlerden we ýerli departamentleriň direktorlaryndan resmi işden gitmegi talap etdim. Ministrler Kabinetinde halk tarapyndan bellenen maksatnamany durmuşa geçirmek üçin käbir özgerişlikler bolar» diýip, döwlet Baştutany özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy. Petro öz Hökümetiniň ýurdy ösdürmek ugrundaky maksatnamany durmuşa geçirmek üçin yhlasly işlejekdigini sözüniň üstüne goşdy.

5-nji fewralda Kolumbiýanyň Daşary işler ministrliginiň başlygy Huan Fernando Kristo ýurduň Hökümetiniň ministrlerine bar bolan agzalalyklar sebäpli işden gitmegi teklip edipdi. Ondan öň Ministrler geňeşiniň ýygnagy geçip, Hökümetiň düzümine täze agzalary bellemek teklip edildi. Emma teklibe Hökümetiň agzalarynyň bir bölegi, şol sanda Respublikanyň Prezidentiniň orunbasary Fransia Markes garşy çykdy. Hökümetiň bu ýygnagynyň ýerli teleýaýlymda göni alnyp görkezilişi agzalaryň arasyndaky gapma-garşylygy halka has-da aýan etdi, netijede, Prezident Gustawo Petro ministrlerden hem-de departamentleriň başlyklaryndan işden gitmegi talap etmek barada aýgytly karara geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň