Türkmenistanda ýurduň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XII synpy üçin «Iňlis dili (II daşary ýurt dili)» okuw kitaby neşir edildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen bu okuw kitaby N.Öwezowa, R.Soýunowa hem-de M.Allaberdiýewa tarapyndan ýazylypdyr. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, bu okuw kitaby okuw dersiniň tassyklanylan okuw maksatnamasyna laýyklykda, şeýle hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenilen daşary ýurt dillerini öwretmegiň wezipelerine hem-de ýörelgelerine, dünýä tejribelerine esaslanyp taýýarlanylypdyr.
XII synp üçin neşir edilen «Iňlis dili (II daşary ýurt dili)» okuw kitabynda temalara laýyklykda dürli ýumuşlaryň interaktiw usullarda berilmegi, okuwçylaryň iňlis dilini höwes bilen özleşdirmeklerine, okuw prosesiniň bolsa netijeliligini artdyrmaga ýardam eder.