Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BSGG: koronawirusyň dowam etmegi täze ýokançlaryň döremek howpuny artdyrýar

09:3311.02.2025
0
14177
BSGG: koronawirusyň dowam etmegi täze ýokançlaryň döremek howpuny artdyrýar
Surat: oxu.az

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy (BSGG) dünýäde COVID-19 ýokanjynyň adamlaryň we haýwanlaryň arasynda dowam edýändigini ýokary töwekgelçilik hökmünde häsiýetlendirdi. Ýagny kowidiň SARS-CoV-2 görnüşiniň heniz hem hereket etmegi täze howply ýokançlaryň döremegine getirip biler diýip, guramanyň hünärmenleri hasaplaýarlar. Bu barada TASS habar berdi.

BSGG-niň bu barada täze nutugynda bellenilişi ýaly, umumy immunitetiň artýandygyna garamazdan, SARS-CoV-2 görnüşi henizem adamlaryň arasynda aýlanyp ýör.

2023-nji ýyldan bäri gurama kowid bilen kesellänler barada maglumat berýän ýurtlaryň sany görnetin azaldy. Emma koronawirusyň SARS-CoV-2 görnüşiniň möwsümleýin dümew ýaly dünýäniň ähli sebitlerinde dowam edýändigini çaklamak mümkin diýip, BSGG-niň täze nutugynda bellenýär.

Koronawirus ýokanjy bilen bagly adatdan daşary ýagdaý dünýä saglygy goraýşynda 2020-nji ýylyň ýanwarynyň ahyryndan 2023-nji ýylyň 5-nji maýyna çenli dowam etdi. BSGG-niň maglumatlaryna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwaryna çenli bu ýokanç bilen kesellänleriň 777 million 349 müňden gowragy hasaba alyndy. 2024-nji ýylyň 30-njy dekabryndan şu ýylyň 26-njy ýanwaryna çenli bolsa, koronawirus bilen 81 müň 716 adam keselledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň