Şu gün Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde 2024-nji ýylyň görkezijileri boýunça Türkmenistanda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, welaýat, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
Bu ýerdäki Medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda dabaraly maslahat hem geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň ilatyna iberen Gutlagy okaldy we çykyşlar diňlenildi. Dabaraly maslahat welaýatyň estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bilen utgaşdy.