Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Masud Pezeşkian mähirli salamlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyga we dost-doganlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, öz adyndan hem-de Türkmenistanyň ähli halkynyň adyndan Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy – Ynkylap güni bilen tüýs ýürekden gutlap, jogapkärli döwlet işinde oňa üstünlikleri, dostlukly eýran halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi. Şeýle hem Gahryman Arkadag mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana Prezident Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, goňşy Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine Eýranda uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Eýranyň dürli ugurlarda, şol sanda ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa ýaly möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi we bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmek teklip edildi.
Şeýle hem söhbetdeşler edebiýat we sungat ugurlarynda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegiň, bu babatda iki ýurduň görnükli taryhy we edebi şahslarynyň, tanymal sungat wekilleriniň ömri we döredijiligi hakynda maslahatlary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.
Ylym-bilim ulgamynda hem gatnaşyklary giňeltmegiň, hususan-da, tebigy bilimler we ýokary tehnologiýalar babatda tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen ähli ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, bu söhbetdeşligiň türkmen-eýran gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.