Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 36 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi.
Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyz Respublikasyndan, Owganystandan, Ukrainadan we Germaniýadan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen natriý hloridini hem-de «B» markaly karbamidi, şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 33 million 683 müň amerikan dollaryna deň boldy.
Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 175 million 405 müň manada deň bolan polipropileni, portlandsementini, nebit bitumyny, gurluşyk harytlaryny, buýan köküniň guradylan ekstraktyny hem-de dürli görnüşli dokma önümlerini satyn aldylar.